Taslamanyň ady: Takyk ekerançylyk üçin täze we innowasion okuwlar
Taslamanyň dowamlylygy: 15-nji noýabr 2018ý. ‒ 14-nji noýabr 2021 ý.
Utgaşdyryjy: Saken Seýfullin adyndaky Gazak agrotehniki uniwersiteti
Hyzmatdaşlar:
T/b | Taraplaryň ady | Ýerleşýän ýeri |
---|---|---|
P1 | S.Seýfullin adyndaky Gazak agrotehniki uniwersiteti | Nursoltan/Gazagystan |
P2 | Berliniň Tehniki uniwersiteti | Berlin/Germaniýa |
P3 | Plowdiw oba hojalyk uniwersiteti | Plowdiw/Bolgariýa |
P4 | Çehiýanyň raýat ylymlary uniwersiteti | Praga/Çehiýa |
P5 | ECM kosmiki agentligi | Berlin/Germaniýa |
P6 | Şokan Ualikhanow adyndaky Kokşetau döwlet uniwersiteti | Kokşetau/Gazagystan |
P7 | Manaş Kozybaýew adyndaky Demirgazyk Gazagystan döwlet uniwersiteti | Petropawlowsk/ Gazagystan |
P8 | S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti | Aşgabat/Türkmenistan |
P9 | Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty | Aşgabat/Türkmenistan |
P10 | Türkmen oba hojalyk instituty | Daşoguz/Türkmenistan |
P11 | Özbegistanyň milli uniwersiteti | Daşkent/Özbegistan |
P12 | Daşkendiň maglumat tehnologiýalary uniwersiteti | Daşkent/Özbegistan |
P13 | Daşkendiň irrigasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýasy inženerleri instituty | Daşkent/Özbegistan |
P14 | Gazagystanyň Ylym we Bilim ministrligi | Nursoltan/Gazagystan |
P15 | Özbegistan Bilimiň hiline gözegçilik edýän guramasy | Daşkent/Özbegistan |
P16 | Türkmenistanyň Bilim ministrligi | Aşgabat/Türkmenistan |
Taslamanyň maksatlary
Takyk ekerançylyk ugrunda ylmyň soňky gazananlaryny we Ýewropa ýurtlarynyň ýeten sepgitlerini nazarda tutup Institutda taýýarlanýan hünärmenleriň okuw meýilnamalaryny kämilleşdirilmek hem-de täze okuw derslerini girizilmek bolup durýar. Ýewropa bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy, takyk ekerançylyk ulgamyndaky öňde baryjy tejribeligiň alyş-çalyşy arkaly institutda hünär taýýarlygy hem-de bilim ulgamyny halkara derejesinde ösdürmek.
Taslamanyň wezipeleri
— Maksatlaýyn ugurda bilim zerurlyklaryny seljermek, häzirki ulanylýan okuw meýilnamalaryny gözden geçirmek
— Taslamanyň ikinji ýylynyň ahyryna çenli degişli ugurda soňky gazananlara laýyklykda häzirki ulanylýan okuw maksatnamalaryny we okuw meýilnamalaryny täzelemek
— amalyýete we talyplara gönükdirilen esasy we geçirilýän okuw meýilnamalaryny hem-de modullaryny ECTS-i (kreditleri geçirmegiň we toplamagyň Ýewropa ulgamy) ulgamyny göz öňünde tutmak bilen täzeden işläp düzmek, durmuşa geçirmek we akkreditasiýa etmek
— Hyzmatdaş ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini zähmet bazaryna ýakynlaşdyrmak
Taslamanyň meýilleşdirilen netijeleri
— Takyk oba hojalyk ulgamynda soňky gazananlara laýyklykda häzirki ulanylýan okuw meýilnamalaryny seljermek we kämilleşdirmek
— 9 sany täze işlenip düzülen esasy okuw maksatnama we 3 sany geçirilýän modul, şol sanda okuw gurşawy: takyk oba hojalygynyň tejribehanasy we wirtual okuw otagy
— Täze okuw maksatnamalaryna laýyklykda mugallymlary gaýtadan taýýarlamak
— Takyk oba hojalygynyň tejribehanasyny we wirtual okuw otagyny ulanmak
— Görkezme ussatlyk-okuwlaryny geçirmek
— Bilelikde döredilen WEB platforma doly güýjünde işlediler
— Gyzyklanýan taraplaryň goldawy esasynda takyk oba hojalygy boýunça hyzmat merkezi işlediler
WEB:
www.nicopa.eu
Türkmen oba hojalygy instituty
tohi.edu.tm