“Agrohimiýada häzirki zaman usullary we tehnologiýalary” webinar geçirildi

“Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasynynda” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynynda” ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerini iýmitlendirmegiň häzirki zaman usullaryny işläp düzmek we agrohimiýada ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýan kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bellenen wezipelerden ugur alyp, 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň gurnamagynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylmy-pedagogik işgärleriniň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Agrohimiýada häzirki zaman usullary we tehnologiýalary” atly sanly ulgam arkaly webinar geçirildi.

Webinaryň dowamynda çykyş eden pedagogik işgärleriň ylmy-barlag işleriniň netijeleri diňlenildi. Çykyşlar tamamlanandan soňra olar barada özara pikirler alşyldy. Webinara gatnaşyjylar sanly ulgam arkaly gurnalan ylmy-amaly maslahatyň mugallymlar we talyplar üçin örän peýdaly bolandygyny bellediler.

Webinara gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamyny ösdürmek üçin bimöçber alada edýän, okuw, ylym we okuw-usuly işlere sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyza çuňňur minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Agrohimiýa we topragy öwreniş
kafedrasynyň müdiri, uly mugallym
Gurbangeldi GURJIÝEW