Weterinar lukmançylygy fakulteti

Weterinar lukmançylygy fakulteti

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň düzüminde 4 sany: Maldarçylyk, Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek, Kompýuter tehnologiýasy, Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedralary hereket edýär.

Weterinar lukmançylygy fakultetinde Weterinar lukmançylygy, Oba hojalygynyň ykdysadyýeti, Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda), Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda) hünärler boýunça hünärmenler hem-de Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda), Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda), Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda), Maglumat howpsuzlygynyň menejementi (oba hojalygynda) we Sanly dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary bilimli bakalawrlar taýýarlanylýar.

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyplary Matematika, Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, Ykdysadyýet dersleri boýunça halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşyp uly üstünliklere mynasyp bolýarlar.

Weterinar lukmançylygy fakultetinde maldarçylyk pudagynda oba hojalyk mallaryny idetmek, kesellerden goramak, bejermek, önümçilik-tehnologiki, ylmy-barlaglary ýokary derejede guramak we amala aşyrmak boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, fakultetiň mugallymlary ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlap çapa hödürleýärler.