Türkmen oba hojalyk instituty Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň täze açylan ýaş ýokary okuw mekdepleriniň biridir.
Institut Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 17-nji martyndaky PP-5558 belgili „Türkmen oba hojalyk institutyny döretmek hakynda“ Permany esasynda döredildi. Institut Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagynda bolmak bilen, ýokary hünär biliminiň maksatnamalaryny amala aşyrýan döwlet ýokary okuw mekdebidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe institut bilim, terbiýe we ylym ulgamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oba hojalygy üçin çuňňur bilimli, syýasy taýdan sowatly, Watanyna, halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýurduň bähbitlerini halkara derejesinde mynasyp gorap bilýän we häzirkizaman bazar ykdysadyýeti gatnaşyklary şertlerine laýyklykda işlemäge ukyply, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.
Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna laýyklykda enjamlaşdyrylyp, ýaşlara ýokary derejede hünär öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilen Türkmen oba hojalyk institutynyň açylmagy, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek bilen bir hatarda, pudagyň kärine ussat, ökde hünärmenler bilen üpjün edilmegine hem uly üns berýändigine şaýatlyk edýär.
Institut 2010-njy ýylyň 13-nji maýynda işe girizildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda çykaran Kararyna laýyklykda institutyň aşakdaky gurluşy tassyklanyldy:
Fakultetler:
Institutda aşakdaky 14 hünär boýunça talyplar ylym-bilim alýarlar:
Institutyň binalar toplumy okuw binasyndan, 3 sany umumy ýaşaýyş jaýyndan, medeniýet merkezinden, sport merkezinden, naharhanadan, hojalyk binalaryndan ybarat. Institutda 500 orunlyk uly mejlishana, 160 orunlyk kiçi mejlishana, 2 okalgaly kitaphana, elektron kitaphana, internet otagy talyplaryň hyzmatynda.