Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakulteti

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakulteti

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň düzüminde 6 sany: Oba hojalygynyň meliorasiýasy, Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy, Traktor we oba hojalyk maşynlary, Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak, Tebigy bilimler, Amaly mehanika kafedralary hereket edýär.

Fakultetde Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, Tehniki hyzmatlaryň guralyşy we tehnologiýasy, Gidromeliorasiýa, Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy, Ýer gurluşygy we kadastry ýaly hünärler boýunça ýokary bilimli hünärmenler hem-de Awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda), Agroinženerçilik (oba hojalygynda), Gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy, Ýer gurluşygy we kadastry, Gidrotehniki desgalar taýýarlyk ugurlary boýunça ýokary bilimli bakalawrlar taýýarlanylýar.

Fakultetiň talyplary Fizika, Inžener grafikasy, Kompýuter grafikasy, Nazary mehanika, Materiallaryň garşylygy dersleri boýunça halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşyp uly üstünliklere mynasyp bolýarlar.

Fakultetiniň Amaly mehanika kafedrasynyň guramagynda her ýylda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça Açyk halkara internet bäsleşigi geçirilýär.

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetinde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy, suwy süýjetmegiň, suwarmagyň döwrebap, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryny öwrenmek Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan hasaba alnan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, fakultetiň mugallymlary ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlap çapa hödürleýärler.