Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan belent ynsanperwerlige ýugrulan içeri we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan sebit birleşmeleridir halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk we onuň köpugurly ylmy esaslary günsaýyn ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen oňyn hyzmatdaşlyk üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny, talyp ýaşlaryň aňyna ekologiýa biliminiň düýpli ornaşdyrylmagyny gazanmak maksady bilen 2023-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň başlangyjy esasynda «Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Kluby açyldy.
“Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Kluby bu institutyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO-nyň beýik maksatlaryna eýerýän we gyzyklanma bildirýän talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň birleşmesi bolup, olar ÝUNESKO-nyň alyp barýan işi bilen gös-göni bagly çäreleri durmuşa geçirip, bu halkara guramanyň işine işjeň gatnaşýarlar hem-de onuň köpçülige ýaýradylmagyna, ýaşlaryň syýasy habarlylygynyň we hukuk medeniýetliliginiň ýokarlanmagyna ýakyndan ýardam edýärler.
Açylyş dabarasyna ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçy düzümi, mugallymlardyr talyplar, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi Ç.Rüstemowa hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
«Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy» atly ÝUNESKO Klubynyň esasy maksatlary we wezipeleri – Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň hem-de olaryň döwletimiziň daşky gurşawy goramak syýasatynyň çäklerinde sazlaşykly we toplumlaýyn esasda durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmakdan, degişli ugurlar boýunça ýöriteleşen professor-mugallymlaryň döredijilik we ylmy mümkinçiliklerini höweslendirmekden hem-de degişli hünärleriň talyplarynyň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakdan we olary ýörite meýilnama esasynda geçirilýän medeni-köpçülik we syýasy-jemgyýetçilik çäreleriniň üsti bilen işjeň wagyz etmekden ybaratdyr.
Klubyň maksatlaryndan we wezipelerinden gelip çykýan jogapkärçiligi, döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyny ýaşlaryň aňyna ýetirmekde, bu ugurda alnyp barylýan işleri wagyz-nesihat etmekde we ýaýbaňlandyrmakda hem-de olary doly derejede durmuşa geçirmekde döwletimiziň Hormatly Prezidentimiz - Arkadagly Serdarymyzyň tutuş ynsanyýetiň bähbitlerini nazarlaýan halkara başlangyçlary, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanan ägirt uly üstünlikleri bize esasy ýol-ýörelgedir.
Açylyş dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar institutyň okuw binasynda duz-çörek bilen garşy alnyp, bu ýerde milli gymmatlyklarymyz hem-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna 2022-nji ýylda girizilen “Türkmen keşdeçilik sungaty” we bu abraýly Guramanyň sanawyna 2021-nji ýylda girizilen “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we dessançylyk sungaty” bilen baglanyşykly guralan sergä aýlanyp gördüler.
Onuň çäklerinde, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen girizilen gymmatlyklarymyzyň, aýratyn-da 2017-nji ýylda girizilen “Küştdepdi” aýdym we tans dessury esasynda taýýarlanylan aýdym-sazly edebi-çeper kompozisiýa tomaşa etdiler.
Dabaraly çäräniň çäklerinde oňa gatnaşyjylar ÝUNESKO Klubynyň häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda enjamlaşdyrylan otagyna çagyryldylar we toý baglary kesilip, şol ýerde olar ÝUNESKO-nyň resminamalary, ÝUNESKO-nyň işleri barada maglumat berýän serişdeler hem-de türkmen halkynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni-mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni mirasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen gymmatlyklar bilen bilen tanyşdylar. ÝUNESKO Klubynyň häzirki zaman ölçeglerine laýyk enjamlaşdyrylan iş otagynda geçirilen gysga iş maslahatynyň dowamynda “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Klubynyň 2023-nji ýyl düzülen ýyllyk iş meýilnamasy tassyklanyldy.
Şeýlelikde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň başlangyjy bilen öz işine başlan “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Klubynyň ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlaryndan hem-de talyplaryndan düzülen işjeň agzalary meýilnama boýunça öz işlerini dowam edýärler.
Şu ajaýyp pursatda, ýurdumyzy parahatçylygyň, dost-doganlygyň we ata-baba dowam edip gelýän ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýan Watany hökmünde dünýä tanadan, ähli yhlasyny we gujur-gaýratyny halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha we barha ýokarlandyrylmagyna gönükdirýän, goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna gönükdirilen belent maksatlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyz - Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyz - Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolup, döwletli tutumlary we ynamly gadamlary elmydama rowaçlyklara beslensin!