Institutyň okuw işleri

Institutyň okuw işleri

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli aladasy bilen ýokary okuw mekdebinde ýaşlara döwrüň talabyna laýyklykda ylym-bilim bermek, hünär öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilen.

Institutda ýurdumyza getirilýän oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän dünýä belli «CASE», «JOHN DEERE», «KOMATSU», «CATТERPILLER» we «СLAAS» kompaniýa-larynyň ýokary öndürijilikli häzirkizaman tehnikalarynyň gurluşyny, işleýşini, olara hyzmat edilişini talyplara öwretmek maksady bilen, 4 sany ýokary derejede enjamlaşdyrylan okuw otaglary döredildi. Şeýle-de, Belarus Respublikasynyň „MTZ“ kysymly traktorynyň ähli enjamlar bilen üpjün edilen makedi oturdylan okuw otagy hem döredildi. Munuň özi talyplar bilen geçirilýän tejribe we amaly okuwlarynyň netijesiniň ýokary bolmagyna, talyplaryň okuw materiallaryny doly özleşdirmeklerine uly ýardam edýär.

Ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary we talyplary tarapyndan “Türkmen oba hojalyk institutynyň içki bilim portaly” atly tor programmasy işlenip düzüldi. Bu programma institutymyzda elektron serişdelerini ulanmak bilen okatmagyň we bilim işini dolandyrmagyň, talyplaryň bilim derejesini barlamagyň işini döwrebaplaşdyrdy. Institutda bar bolan kompýuterleriň aglaba bölegi bir tor ulgamyna birikdirildi. Programma okuw işleriniň netijeleriniň aralyk jemlemesini geçirmekde peýdalanylýar. Elektron okalga talyplara we mugallymlara okuw kitaplaryny we gollanmalaryny netijeli peýdalanmaga, şeýle hem daşary ýurtlarda neşir edilýän okuw we ylmy edebiýatlar, täze tehnologiýalar, ylmyň we tehnikanyň täzelikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär.

Elektron okalgadaky okuw materiallary kompýuter otaglaryndaky köpsanly kompýuterlere hem girizildi. Bu bolsa elektron okalgadaky neşirleri ähli talyplara elýeterliligini üpjün edýär.

Institutda ähli hünärler boýunça geçirilýän umumy okuwlar kompýuter ulgamyna birikdirilen proýektorlaryň we interaktiw tagtalaryň kömegi bilen okatmagyň we öwretmegiň täze, häzirki-zaman usullary ulanylyp geçilýär. Bu usul mugallyma sapagy gyzykly, täsirli gurnamaga, okuwa berlen wagty tygşytly, netijeli ulanmaga, talyba temanyň maglumatlaryny çuňňur özleşdirmäge, doly ýazgy etmäge ýardam edýär. Ýörite otaglarda talyplaryň internet hyzmatlaryndan peýdalanmaklary, ylmy täzelikler bilen öz wagtynda tanyşmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi.

Tejribe sapaklarynyň usulyýet aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, talyplar üçin ýörite tejribe depderleri döredildi.

Esasy okuwlardan daşary institutymyzda açylan kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrýan, iňlis, rus, nemes we özbek dillerini öwredýän gysga möhletli okuw kursunda institutyň talyplary hem-de mugallymlary bilen yzygiderli okuwlar geçirilýär. Talyplara iňlis, rus, nemes we özbek dilleri olaryň hünär aýratynlyklary göz öňünde tutulyp öwredilýär. Okuwlar häzirkizaman multimediýa usullaryny ulanmak arkaly ýöriteleşdirilen lingafon otaglarynda geçirilýär.