“Araly halas etmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde alnyp barylýan işler” atly seminar geçirildi

Bütindünýä deniz güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyn "Inzener-gidrotehnik" talyplar ylmy gurnagy Aral denzini halas etmegin möhüm meselelerine bagyslanan "Araly halas etmek boýunça Merkezi Aziýa sebitinde alnyp barylýan isler" atly seminar geçirildi. Bu çärä institutyn dürli ylmy gurnaklaryndan özlerinin bu global ekologiki meseläni çözmeklige gönükdirilen pikirleri we taslamalary bilen çykys eden onlarça talyp ýaslar gatnasdylar.

Seminarda sebitara we halkara hyzmatdaslygyn ähmiýeti barada durulyp geçilip, 2023-2026-njy ýyllar aralygynda durmusa geçirilýän ERASMUS+ HWCA «Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin suw pudagynda ýokary bilimi güýçlendirmek» taslamasynyn netijeleri hem-de tejribeleri ara alnyp maslahatlasyldy. Bu taslamanyn çäklerinde sebitin ýokary okuw mekdeplerinde, sol Türkmen oba hojalyk institutynda suw serisdelerini dolandyrmak boýunça täze ýöritelesdirilen okuw maksatnamalarynyn ornasdyrylmagynyn tejribesi barada hem aýdylyp geçildi. Seýle hem, IHE Delft Suw ulgamlary instituty we Reýms Sampan-Arden uniwersiteti ýaly Ýewropa hyzmatdaslarynyn gazanan üstünlikleri aýratyn bellenildi.

Seminaryn wajyp ugurlarynyn biri hem, Aral meselesini sebit derejesinde çözmeklik ýollaryny ara alyp maslahatlasmak boldy. Talyplar, ilatyn ekologiki sowatlylygyny ýokarlandyrmagyn, oba hojalygyna suw tygsytlaýjy tehnologiýalary ornasdyrmagyn we Aralýaka sebitlerini dikeltmek boýunça ýörite maksatnamalary döretmekligin wajyplygyny belläp geçdiler.

Seminar, global ekologiki meseleleri çözmekde talyp ýaslaryn möhüm orun eýeleýändigini görkezdi. Olar Araly halas etmeklige öz gosantlaryny gosmaklyga we durnukly geljegi döretmeklige taýýardyklaryny subut etdiler.

Aýnur SYHYÝEWA,
Ýyladyshana hojalygy hünärinin 1-nji ýyl talyby