Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy Musa Hanow 2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda “Telekeçilik işini guramagyň esaslary” atly temadan sanly ulgam arkaly umumy okuw sapagy geçirildi.
Geçirilen umumy okuw sapagyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri: Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň professor mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Umumy okuw sapagy geçirilen wagtynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okaýan, bilim alýan talyplara telekeçilik işiniň kanunçylyk esaslaryny, durmuşymyzda ähmiýetini, ylymdaky eýeleýän ornuny, ykdysady we durmuş ösüşe täsirini öwrenmekligini täsirli maglumatlar bilen aýdyň düşündirildi. Sapagyň wagtyny temanyň meýilnamasyna görä paýlaýşy ýerlikli we ony netijeli peýdalanyşy talabalaýyk berjaý edildi.
Sapagyň temasyny beýan edende telekeçilik işine degişli esasy düşünjeler we dersiň esasy kanunalaýyklyklary, şeýle hem öňdebaryjy tejribeleriň täze maglumatlary peýdalanyldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okaýan, bilim alýan talyplara telekeçilik işini guramagyň çäkleri, durmuşymyzda ähmiýeti, köp sanly maglumatlaryň ýerlikli ulanmaklygy sapagyň täsirli bolmagyna ýardam etdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilen umumy okuw sapagyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriň professor mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Jumabaý JORAKULYÝEW,
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi