“Ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmenistanda döwlet tarapyndan ylmyň ösdürilmegine gönükdirilen goldaw yzygiderli ýagdaýda kämilleşdirilýär, çuňňur amaly ylmy barlaglary geçirmek, şeýle hem öňdebaryjy ylmy gözlegler boýunça amala aşyrylýan işleriň gerimini giňeltmek üçin zerur şertler döredilýär. Has täze maglumat-kommunikasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ylym edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ylmy barlaglaryň derejesini ýokarlandyrmak we netijeliligini artdyrmak, ylmy barlaglaryň ugruny ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň zerurlyklarynyň ylmy taýdan üpjün edilmegine gönükdirmek, has täze tehnologiýalaryň işlenilip düzülmegine aýratyn üns bermek, ylmy barlaglaryň netijeleriniň iş ýüzünde amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça ylmyň öňünde anyk wezipe goýuldy. Ylmy-tehnologik we innowasion işleri kämilleşdirmegiň guramaçylyk - hukuk esaslaryny döretmek üçin Türkmenistanyň degişli Kanunlary kabul edildi şeýle hem Döwlet maksatnamalary tassyklanyldy.

2025-nji ýylyň 10-njy iýunynda Türkmen oba hojalyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor-mugallymlary, aspirantlary, hünärmenleri we talyplary gatnaşdy. Maslahatda “Ýaşlara berilýän bilim-döwrüň möhüm talaby”, “Differensirlenen bilim bermekde maglumat tehnologiýalarynyň orny”, “Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukugynyň ösüşi”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri -Türkmen ylmyny täze belentliklere göterilýän döwürdir” atly temalardan täsirli çykyşlar edildi. Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra bäş bölümçede dowam etdi.

Ylmy - amaly maslahatyň ahyrynda baýramçylyk bilen gutladylar we halkymyzy eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşadýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagyny arzuw etdiler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy
Artykowa Aýjemal