Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Agrosenagat işgärleriniň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda institutyň mugallymlarynyň arasynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylmyň altyn gaznasy: göreldeli ylmy işgärler” atly bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige institutyň kafedralaryndan mugallymlar gatnaşyp, olaryň işleri eminler topary tarapyndan içgin seljerildi. Bu bäsleşikde Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Gurbangeldi Gurjiýew birinji orny, Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy Saýara Baltaýewa hem-de Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy Maýagözel Hajyýewa ikinji orny, Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Gozal Abdullaýewa, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary Şatlyk Hudaýberdiýew hem-de Hurmagül Ýuldaşewa üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiji bolan mugallymlar diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar şeýle giň gerimli ylym-bilim özgertmeleriniň başynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy
Muminow Serdar