Türkmenistanyň Bilim ministrligi ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlarynyň reýtingini hödürledi

Türkmenistanyň habarlar gullugynyň şu at bilen portala ýerleşdiren makalasynda ýurdumuzyň ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlarynyň reýtingini hödürledi. Bu reýtingde biziň türkmen Oba hojalyk inistitutymyzyňam mugallymlarynyň bolmagy bizi has-da begendirdi. Bilşimiz ýaly, bu reýting 2022-nji ýylda Türkmenistanda ornaşdyrylan sanly baha bermek ulgamy arkaly ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň iň gowy mugallymlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Bu reýtingde professor-mugallymlar düzüminiň ylmy, döredijilik we pedagogik işjeňligine baha bermek arkaly bal ulgamynyň esasynda düzülýär.

Reýtingde matematika we fizikadan başlap, dil we oba hojalyk ylymlaryna çenli dürli ugurlar boýunça ýokary netijeler gazanan mugallymlar öňe saýlandy. Olaryň köpüsi halkara olimpiadalarynda we ylmy bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýän talyplar toparlarynyň ýolbaşçylary bolmak bilen bir hatarda, okuw kitaplarynyň we halkara ylmy žurnallarda neşir edilen ylmy makalalaryň awtorlarydyr. Reýtingde biziň inistitutymyzdan Traktor we oba hojalyk tehnikalary kafedrasynyň müdiri Döwlet Durdyýewiň we Kompýuter tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Ýusupbaý Ermetowyň atlarynyň bolmagy bu mugallymlaryň çekýän yhlasly zähmeti berilen mynasyp bahadyr. Ýeri gelende aýtsak bu biziň mugallymlarmyzyň birinji üstünligi däl mundan öň inistitumyzyň uly mugallymy Döwlet Durdyýewiň mugallymlaryň hünär derejesini kesgitleýän “Ýylyň mugallymy” bäsleşiginde gazanan üstünligi bellemäge mynasypdyr. Mugallymlarmyzyň gazanan üstünlikleri biz ýaş mugallymlara görelde bolmak bilen bizi has-da gaýratly işlemäge ruhlandyrýar.

Biz hem mugallymlarmyzyň gazanan üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlamak bilen olara ýurdumyzyň gelejegi boljak ýaş nesli kemala getirmek üçin alyp barýan tutanýerli işlerinde üstünlikler arzuw edýäris.

Ýakub Japarow
Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi