Al-Horezmi-gündogaryň görnükli akyldary mynasybetli sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Al-Horezmi-gündogaryň görnükli akyldary mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Meýilnamasynda bellenen çärelerden ugur alyp, mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda 2025-nji ýylyň maý aýynyň 22-sine “Al-Horezmi-gündogaryň görnükli akyldary” atly sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahata sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň alty sany ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmen oba hojalyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary Gündogaryň tanymal matematik alymlarynyň matematika ylmynda edilen işler, golýazmalar we traktlar barada beýan edýän nutuklar bilen çykyş etdiler. Maslahatda jemi 16 nutuk diňlenildi. Edilen çykyşlarda Gündogaryň tanymal matematik alymlarynyň matematika ylmynda eden işleri baradaky garaýyşlary seljerildi. Çykyş edenleriň köpüsi gyzykly we täsirli çykyşlar synçy hökmünde gatnaşýan talyplaryň ünsüni özüne çekmegi başardy.

Ylmy maslahatda çykyş edenler Gündogaryň tanymal matematik alymlarynyň matematika ylmynda eden işlerini ylmy esasda öwrenmekde ony dünýä ýaýmakda, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Şyhmyrat Kowusow
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy