Biziň Türkmen oba hojalyk institutymyz eýýäm 3-nji ýyl “Times Higher Education (THE)” guramasynyň Impact Rankings reýtinginde hasaba alynýar. Bu bolsa biziň ýokary okuw mekdebiziň mugallymlaryny, talyplaryny we işgärlerini diýseň buýsandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, bu reýting dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşýan goşantlaryna baha berýär. Türkmen oba hojalyk instituty ilkinji gezek bu sanawa 2023-nji ýylda goşulmaklygy başardy.
Bu reýtingde dünýäniň 130 sany ýurdundan jemi 2526 sany ýokary okuw mekdebi hasaba alyndy. Reýting Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegine goşýan goşantlaryna bahalandyrýar. Bilşimiz ýaly Durnukly ösüş maksatlarynyň jemi 17 sanysy bardyr. Bu reýtingde bolsa şol maksatlaryň dördüsi boýunça ýokary okuw mekdebiniň ýerine ýetiren işlerine baha berilýär. Biziň Türmen oba hojalyk institutymyz ýokary hilli bilim, gender deňligi, senagatlaşma, innowasiýa we infrastruktura, howanyň üýtgemegine garşy çäre ýaly 4 ugry boýunça ýerine ýetiren işler barada maglumat ýüklenildi.
Institutymyzyň dünýäniň şeýle abraýly reýtinglerinde hasaba alynmagy biz mugallymlary geljekde ýene-de yhlasly zähmet çekmeklige höweslendirýär. Şeýle ajaýyp zamanada işlemäge, zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy
Ermetow Ýusupbaý