Türkmen oba hojalyk institutynda Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ekinlerine ideg etmegiň häzirki zaman usullary hem-de suwaryşy netijeli peýdalanmak boýunça welaýatyň oba hojalyk hünärmenleri bilen tejribe alyşmak we häzirki meseleleriň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen “Daşoguz welaýatynyň şertlerinde ekinlere ideg etmek we suwarmak: häzirki zaman çemeleşmeleri” atly seminary geçirildi. Bu ylmy çäreler 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 11-inde Türkmen oba hojalyk institutynyň Okuw-tejribe hojalygynda hem-de iýun aýynyň 13-inde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap häkimliginiň Mejlishanasynda geçirildi.
Ylmy seminarlaryň okuw meýilnamasy 3 sany bölümçä bölünip geçirildi, birinji iki bölümçe dershana-otag şertlerinde nazary-bilim görnüşde geçirildi, soňky üçünji bölümçe “Meýdan okuwy” diýip atlandyrylmak bilen 3 ugur boýunça amaly-usuly görnüşde çykyşlar guraldy. Bölümçelerde Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary, şeýle hem önümçiligiň tejribeli hünärmenleri çykyş etdiler.
Çäreleriň soňunda seminarlaryň jemi jemlenildi. Seminarlara gatnaşyjy hünärmenler şu ylmy seminary guran Türkmen oba hojalyk institutynyň ylym bölümine, guramaçylyk toparyna, mugallymlara öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. Soňra ylmy seminarlary jemlemek üçin Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylym bölüminiň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Babageldi Kurbanow çykyş etdi. Ylmy seminar maksadyna ýetendigini, örän guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçendigini nygtady. Ylmy seminara işjeň gatnaşan mugallymlara, hünärmenlere rektorlygyň we ylym bölüminiň adyndan minnetdarlyk bildirdi.
Atakow Şadurdy
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylym bölüminiň hünärmeni