Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ylmyň häzirkizaman gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak babatynda uly işler amala aşyrylýar. “Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024-2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” we “Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynynda” ýurdumyzda ösümlikleri goramak ylmyny ösdürmek, ösümlikleri goramagyň ekologiki taýdan howpsuz usullaryny işläp düzmek boýunça bellenen wezipelerden ugur alyp, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-pedagogik işgärleriniň we talyplarynyň arasynda “Ösümlikleri goramagyň ekologiki taýdan arassa we ygtybarly usullary” sanly ulgam arkaly webinar geçirildi. Bu webinara S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahatda “Mekgejöweniň baldak gurçugyna garşy utgaşdyrylan göreş çäresi”, “Ösümlikleri goramakda agrotehniki usulyň ähmiýeti”, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna “Ýaşyl” wodorody almagyň netijeli usuly”, “Oba hojalyk ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreş çäresinde reppilent häsiýetli ösümlikleri ulanmagyň aýratynlyklary”, “Ösümlikleri zyýanberijilerden biologiki usulda goramak”, “Bonoplant ösüşi sazlaýjy dökünleri ulanmagyň aýratynlyklar”, “Ammarlarda önümleri ýüze çykýan mör-möjeklerden goramak”, “Oba hojalyk ekinleriň zyýankeşlerine garşy altyngözlüje möjejigini ulanmak”, “Miweli baglaryň zyýankeşlerine garşy biologiki göreş usuly”, “Ösümlikleri goramakda bioserişdeleri ulanmak”, “Haşal otlara garşy göreş çäreleri”, “Oba hojalyk ekinleriň zyýankeşlerine garşy feremon duzaklary ulanmak” ýaly temalar boýunça gyzykly we täsirli çykyşlar diňlenildi.
Webinaryň soňunda edilen çykyşlar barada özara pikir alşyldy. Webinara gatnaşyjylar bu sanly ulgam arkaly gurnalan ylmy-amaly maslahatyň mugallymlar we talyplar üçin örän peýdaly bolandygyny bellediler.
Ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamyny ösdürmek üçin bimöçber alada edýän, okuw we okuw-usuly işlere sanly ulgamy ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, il bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň müdiri, uly mugallym
Gurbangeldi Gurjiýew