Türkmen oba hojalyk institutynyň şeýle-de Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary hem-de olaryň halypa mugallymlary 2025-nji ýylyň 13 ‒ 20-nji sentýabry aralygynda, John Deere (Deere & Company) kompaniýasynyň Ýewropada öndürilýän döwrebap tehnikalary bilen ýakyndan tanyşmak, nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik şertlerinde berkitmek maksady bilen, Germaniýa Federatiw Respublikasynda we Niderlandlar Patyşalygynda önümçilik tejribeligini geçdiler.
Germaniýanyň Mangeým şäherindäki «John Deere» kompaniýasynyň traktor öndürýän we zawodynda hünärmenler bilen duşuşyk geçirilip, kompaniýanyň döreýiş taryhy we ösüşleri, gazanan üstünlikleri, geljekde meýilleşdirilýän işler barada giňişleýin gürrüň edildi. Tejribelik geçýänler zawodyň önümçilik toplumyna baryp, bu ýerde öndürilýän 6110M, 6125M, 6140M, 6155M, 6175M, 6195M hem-de 6R kysymly traktorlaryň iň ownuk şaýlaryndan başlap taýýar tehnikanyň gurnalmagyna çenli ähli işler bilen tanyşdylar. Ýokary derejede awtomatlaşdyrylan bölümlerde işleriň köp bölegi robotlaryň we ýörite maşynlaryň kömegi arkaly ýerine ýetirilýär. Şeýle hem zawotda John Deere traktorlarynyň ähli orta topary üçin ylmy-barlag we işläp düzmek işleri alnyp barylýar.
Soňra Bruhzal şäherinde ýerleşen we John Deere tehnikalarynyň dürli görnüşleri üçin kabinalary öndürmäge hem-de ýygnamaga ýöriteleşdirilen zawodyna we onuň golaýyndaky ätiýaçlyk şaýlaryň esasy ammary bilen tanyşlyk guraldy.
Kaýzerslautern şäherinde ýerleşen, kompaniýanyň täzelikleriniň, açyşlarynyň we öňdebaryjy innowasiýalarynyň çeşmesi bolan Ýewropa tehnologiýalar we innowasiýalar merkezinde oba hojalyk işlerini meýilleşdirmek boýunça «Work Planner» programmasynyň aýratynlyklary barada okuwlar geçirildi. Olarda oba hojalyk tehnikalarynda we enjamlarynda sanly elektron dolandyryş ulgamyny talyplara öwretmegiň usulyýeti barada pikir alşyldy.
19-njy sentýabrda Niderlandlar Patyşalygynyň Horst şäherinde ýerleşýän tirkelýän we özi hereketlenýän pürküjileri öndürýän kärhana barlyp görüldi. Bu ýerde guralan tanyşlygyň dowamynda pürküjileriň iň häzirki zaman nusgalary we olaryň innowasion mümkinçilikleri, aýratyn-da, dökünleri we ösümlikleri goraýjy serişdeleri takyk ulanmaga mümkinçilik berýän “ExactApply” ulgamynyň we haşal otlary kesgitlemek we diňe zerur ýerlere pürkmek üçin kameralary ulanýan “See and Spray” ulgamynyň aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berildi. Soňra kärhananyň önümçilik toplumynda tirkelýän M700i, M900i we özi hereketlenýän R4140i, R4150i kysymly pürküjileriň hem-de täze öndürilip başlanylan 500R kysymly özi hereketlenýän pürküjileriň önümçiligi bilen tanşyldy. Talyp ýaşlar olaryň ýygnalyşyny, reňklenişini we gutarnykly synagdan geçirilişini synlamaga hem-de özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogaplary almaga mümkinçilik aldylar.
Saparyň çäginde tehniki muzeýlerine, gözel we taryhy ýerlerine gezelençler guraldy. Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň talyplary öz ugurlary boýunça tejribelerini artdyrdylar.
John Deere ýaly dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryň tehnologiýalaryny içgin öwrenmäge, oba hojalygy üçin zerur bolan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin tükeniksiz sagbolsunlary aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Döwlet DURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň müdiri