“Emeli intellekt we onuň durmuşymyzdaky orny” atly talyplaryň ylmy seminary geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, bilim ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, emeli aň tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanmak boýunça birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynda hereket edýän “Informasion gurşaw” ylmy gurnagy talyplaryň arasynda “Emeli intellekt we onuň durmuşymyzdaky orny” atly talyplaryň ylmy seminaryny geçirdi.

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 202-nji toparçasynyň talyby M.Çajekowyň, Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek hünäriniň 302-nji toparçasynyň talyby G.Nazarowyň çykyşlary beýlekilerden has tapawutlandy.

Baý mazmunly geçen seminaryň ahyrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy Humaý Çaryýewa çykyş edip, şular ýaly çäreleri geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygyny bildirip, janlarynyň sag, işleriniň rowaç almaklaryny dileg etdi.

Aýdyň KURÝAZOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy