Täsirli duşuşyk geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzda giňden we dabaraly bellenilýän Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabr güni Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, “Gaýrat” medalynyň eýesi, Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rometow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rozmetow Kamil aga bilen ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň arasynda aýdym-sazly duşuşygy geçirildi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygyny düýpgöter özgertmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, oba zähmetkeşlerine ýakyndan ýardam bermegi bolsa oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän kärendeçileriň göwün guşuny ganatlandyrýar. Şu döredilýän ajaýyp mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Rozmetow Kamil aganyň Türkmen oba hojalyk institutyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşygy örän täsirli boldy.

Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edýän kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Egsilmez ruhubelentlige beslenen bu duşuşygyň dowamynda Türkmen oba hojalyk institutynyň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, belent ösüş-özgertmelerimiziň waspyny ýetirýän şeýle-de halk we nusgawy aýdymlarymyz belentden ýerine ýetirildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplarynyň nazary taýdan alan bilimlerini tejribede barlap görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň “Saýlantgy tohumçylyk we tejribe hojalygy” ylmy merkezinde 2025-nji ýylyň başynda institutyň binýatlyk kafedrasy döredilendigi we bu kafedrada pagtaçylyk, ekerançylyk derslerinden tejribe okuw sapaklarynyň geçirilýändigi bellenildi.

Aýdym-sazly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda çuňňur zehininiň astynda kemala gelýän kuwwatly Watanymyzyň geljekki eýeleri, talyp ýaşlar hakynda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Hormatly Prezidentimiziň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň
mugallymy Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW