Türkmen oba hojalyk institutynyň “EcoLife” ylmy gurnagy tarapyndan 2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Açlygy ýok etmegiň Halkara güni mynasybetli Durnukly ösüş maksatlarynyň 2-nji “Açlygy ýok etmek” maksady boýunça “Adamzadyň azyk howpsuzlygynda miweli baglaryň orny” atly ylmy seminar geçirildi. Ylmy seminary maksady talyp ýaşlary kämil derejeli ökde hünärmenler edip ýetişdirmekde talyplaryň pikir alyşmak we özbaşdak pikirlenmek ukybyny ýokarlandyrmakdan, azyk howpsuzlygynda miweli baglaryň tutýan orny, şeýle hem dünýä derejesinde alnyp barylýan syýasy, medeni ähmiýetli giň gerimde geçirilýän çäreler bilen yzygiderli tanyşdyrmakdan ybarat boldy.
Bu ylmy seminara institutymyzyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Institutymyzyň çäginde hereket edýän ylmy gurnaklarynyň talyplary nutuklary bilen işjeň gatnaşyp, açlygy ýok etmekde, azyk howpsuzlygyny gazanmakda miweli baglaryň tutýan orny barada üstünlikli çykyş edip, özleriniň tekliplerini beýan etdiler.
Ylmy seminara gatnaşan mugallymlar we talyp ýaşlar Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize ylym-bilim almak, döredijilikli zähmet çekmek ugrunda döredip berilýän mümkinçilikler üçin alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýnabat KERIMOWA,
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň
uly mugallymy