Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak barada seminar geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasynyň “Ýaş konstruktor” atly talyplaryň ylmy gurnagy institutymyzyň talyplaryň arasynda Garyplygy ýok etmegiň Halkara gününe bagyşlap, ylmy seminar geçirdi. Seminara institutyň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Seminaryň esasy maksady talyplaryň bilim we ylmy işjeňligini ýokarlandyrmak. Çykyşlarda durnukly ösüş, deňlik, gender deňligi we garyplygy ýok etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Seminara ähli fakultetleriň talyplary gender deňligini üpjün etmek we garyplygy ýok etmek ýaly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky temalar boýunça ylmy çykyşlar etdiler. Her çykyşdan soň sorag-jogap sessiýalary geçirilip, bu talyplaryň öz bilimlerini giňeltmegine mümkinçilik berdi. Çykyşlarda tehniki serişdeler we wideo materiallar giňden ulanyldy, bu bolsa seminara gatnaşyjylaryň öwrenmegi üçin has gyzykly we netijeli boldy.

Seminaryň ahyrynda Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri jemleýji sözi bilen çykyş etdi. Ol seminaryň bellenen maksadyna ýetendigini we işjeň hem-de guramaçylykly geçendigini belläp geçdi. Ylmy çäre durnukly ösüş, gender deňligi ýaly temalar boýunça talyplaryň bilimini çuňlaşdyrmak, pikir alyşmagy ösdürmek we ylmy-barlag işlerini höweslendirmek maksady bilen üstünlikli geçirildi. Seminara gatnaşyjylaryň aýratyn işjeňligi onuň ýokary ähmiýetine şaýatlyk edýär.

Gozal ABDULLAÝEWA,
Amaly mehanika kafedrasynyň mugally-öwrenijisi