Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesliň çuňňur ylym-bilim almagy ugrunda, şeýle hem dünýä döwletleri bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy üpjün etmekde beýik işler amala aşyrylýar. Edilýän şeýle bimöçber aladalardan ugur alyp, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” noýabr aýynyň 12-13-ne Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşige on sany daşary ýurt döwletleriniň 49 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 121 sany, Türkmenistan döwletimiziň 15 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 69 sany ylmy-taslama işleri hödürlendi.
Şu gün noýabr aýynyň 12-sine institutyň uly mejlisler zalynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly II halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň açylyş dabarasy boldy. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolowyň halkara bäsleşigine gatnaşyjylara gutlag sözi diňlenildi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän bu halkara ylmy-taslama bäsleşiginiň açylyş dabarasynda daşary ýurtly hormatly myhmanlardan Kazan döwlet agrar uniwersitetiniň Mehanizasiýa we tehniki hyzmat institutynyň direktory, tehnika ylymlarynyň kandidaty W.Medwedew çykyş etdi. Şeýle hem dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň baş hünärmeni, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Ýusupow çykyş etdi we bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine üstünlik arzuw etdi.
Günüň ikinji ýarymynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilýän ylmy-taslamalar bäsleşiginde daşary ýurtly gatnaşyjylaryň ylmy-taslamalary diňleniler we seljeriler.
Miwe NURYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy