Peder ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli mirasymyzy ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar, nusga alarlyk sungat derejesine ýetirilen milli mirasymyzyň gadyr-gymmaty barha artdyrylýar.
Göreniňde gözleriňi dokundyrýan gözellikler ynsanyň irginsiz zähmeti bilen kemala gelýär. Zenanlar gözellikleri döredijiler bolup, her bir gören, kalbynyň söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, keşdedir gaýmalara, halydyr keçelere geçirip, ezberlik bilen çeper beýan etmegi başarýar.
Şöhratly halkymyzyň döreden şeýle ajaýyp maddy hem-de ruhy gymmatlyklarynyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Ýakynda biziň ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän “Gözelligiň gözleginde” atly el işler gurnagynda Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda döredilen “Daşky gurşawy goramak-durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO klubynyň gurnamagynda ÝUNESKO guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine görä talyplar işjeň çykyş etdiler we ýeňijiler yglan edildi.
Şeýle çäreleriň geçirilmegi talyp ýaşlaryň arasynda ata-babalarymyzdan we ene-malarymyzdan bize miras galan ajaýyplyklara bolan söýgüsini, gyzyklanmasyny artdyrýar.
Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga geljek nesillerimize ýetirmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, tutýan tutmly işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýsülük Saparglyjowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji
Zenanlar guramasynyň başlygy