Agroekologiýa hünäriniň 5-nji ýyl talyplary tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda diplomyň öň ýanyndaky önümçilik tejribeliklerini üstünlikli dowam etdirýärler. Tejribelikler 2026-njy ýylyň 9-njy fewralyndan 19-njy apreline çenli aralykda ýurduň dürli künjeklerinde Daşoguz welaýaty, Lebap welaýaty hem-de Mary welaýaty çäklerinde alnyp barylýar.
Önümçilik tejribelikleriniň esasy maksady talyplaryň nazary bilimlerini amaly işler bilen utgaşdyrmakdan, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak hem-de biodürliligi saklamak ugurlarynda hünär endiklerini ösdürmekden ybaratdyr. Şonuň çäklerinde Daşoguz welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginde tejribelik geçýän talyplar tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşýarlar.
Tejribeligiň dowamynda talyplar Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň Uýgunlaşdyrmak bölüminde bolup, bu ýerde alnyp barylýan ylmy-amaly işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Bölümde ýaralanan ýa-da dürli sebäpler bilen adam elinde ösen haýwanlary ýuwaş-ýuwaşdan ýabany tebigy gurşawa uýgunlaşdyrmak, soňra bolsa erkinlige goýbermek boýunça möhüm işler amala aşyrylýar.
Saparyň dowamynda talyplar goraghananyň hünärmenleri bilen pikir alyşyp, haýwanlary goramak, olaryň saglygyny dikeltmek hem-de tebigy ýaşaýyş şertlerine gaýtadan öwrenişdirmek boýunça alnyp barylýan çäreleriň aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat aldylar. Şeýle duşuşyklar ýaş hünärmenleriň geljekki iş tejribesi üçin möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Bu bölüminde häzirki wagtda dürli haýwan görnüşleri saklanylýar. Olaryň hatarynda dag geçileri, keýikler, meýdan towşanlary hem-de dürli görnüşli guş bar. Bu ýerde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramakda we ýabany haýwanat dünýäsiniň sanyny artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Şeýle önümçilik tejribelikleri talyplaryň ekologik düşünjesini giňeldip, olary geljekde tebigaty goramak ulgamynda ýokary taýýarlykly hünärmenler hökmünde kemala getirmäge hyzmat edýär.
ESET ÖWLÝAGULYÝEW
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy