Ekologiýa boýunça ders bäsleşigi geçirildi

Hormatly Prezidentimizin parasatly ýolbasçylygynda ýurdumyzda dasky gursawy goramak, ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak we "ýasyl" ykdysadyýeti ösdürmek döwlet syýasatynyn ileri tutulýan ugurlarynyn biridir. Su maksat bilen, Türkmen oba hojalyk institutynyn talyplarynyn arasynda Ekologiýa dersi boýunça ders bäslesigi geçirildi. Bu bäslesik Türkmen oba hojalyk institutynda Ýewropa Komissiýasynyn Erasmus+ maksatnamasynyn çäginde durmusa geçirilýän HWCA (Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak) taslamasynyn çäginde döwrebap enjamlasdyrylan kompýuter otagynda guraldy.

Bu bäslesik dine bir talyplaryn bilim derejesini barlamak däl, eýsem ýaslaryn dasky gursawa bolan jogapkärçiligini artdyrmak, hünär ugurlaryna degisli ekologiýa meselelerini çözmekde döredijilikli çemelesmeleri ýüze çykarmak hem-de Türkmenistanyn ekologiýa kanunçylygy baradaky bilimleri çunlasdyrmak maksady bilen guraldy.

Bäslesigin dowamynda talyplar häzirki zaman ekologiýa meselelerine bolan täzeçe garaýyslaryny görkezdiler. Bäslesigin netijesinde ýokary netije görkezen talyplar Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Haýitzan KAZAKOWA
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyn mugallymy