ŞANLY ÝYLYŇ WASPY

Türkmen oba hojalyk institutynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi şeýle-de şanly ýylymyzda belleniljek Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny giňden wagyz etmek boýunça “Şanly ýylyň şygary Garaşsyz Watanymyzyň bedew batly ösüşiniň hatyrasyna belent sepgitlere ruhlandyrýar” ady bilen aýdym-sazly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini ýüze çykardy.

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy ýerine düşen ajaýyp çözgütdir. Bu ýylda hem halkymyz Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, bedew bady bilen täze sepgitlere ýeter.

Işjeň ýagdaýda geçen tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderini we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy täze – 2026-njy ýylyň başlanmagy hem-de ýylyň şygarynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ägirt uly özgerişler amala aşyryldy, durnukly ösüşiň binýady pugtalandyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda gazanylýan ösüşler täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýar.

Aýdym-sazly baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda eziz Watanymyzy nurana geljege, beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Meýlis BALLYÝEW,
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň laboranty