SAGDYN, RUHUBELENT ÝAŞLARY KEMALA GETIRMEK -BIZIŇ BAŞ MAKSADYMYZDYR

Türkmen oba hojalyk institutynda bilim alýan talyplarynyň arasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Kanunlary düşündirmek, Adam söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen “Sagdyn, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek-biziň baş maksadymyzdyr” atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işinde millilik, peder ýörelgelerine ugrukdyrmagyň, olara bu hakda zerur bilimi we düşünjeleri bermegiň, ýaramaz endikleriň ynsan durmuşynda has-da ýaş nesilleriň geljegi üçin zyýan berýändigi dogrusynda çykyşlar diňlenildi. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen halkymyzyñ ýagty gelejegi üçin ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramak, olary millilik terbiýesine çekmek ugrunda asylly işler edilýär.

Milli ýörelgelerimize, ruhy, ahlak aýratynlyklarymyza uly sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiziň milli ekerançylyk däplerimizi häzirkizaman ylmynyň we tehnologiýasynyň gazananlary bilen utgaşdyryp alyp barýan agrar syýasaty, oba özgertmeleri halkymyzda kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bu özgertmeleriň düýp maksady ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmäge, Türkmenistan döwletimiziň azyk önümlerini eksport edýän döwletleriň arasynda tutýan ornuny berkitmäge we pugtalandyrmaga, azyk önümlerini eksport edýän ynamdar hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilendir. Öňde goýlan belent maksada ýetmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary edýän Milli Liderime türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda çuňňur zehininiň astynda kemala gelýän kuwwatly Watanymyzyň geljekki eýeleri, talyp ýaşlar hakynda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.

Miwe NURYÝEWA,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy