Türkmen oba hojalyk institutynyň medeniýet merkezinde geçirilen açylyş dabarasy Döwlet senasy bilen badalga aldy. Çykyş edenleriň nygtaýyşy ýaly, kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan döwlet derejesindäki baş aladalaryň biridir.
“Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiginiň Türkmen dili we edebiýat dersi boýunça döwlet tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden şeýle-de güneşli diýarymyzyň ähli welaýatlaryndan zehinli okuwçylaryň işjeň gatnaşmaklary ders bäsleşiginiň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
“Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşiginiň Türkmen dili we edebiýat dersi boýunça döwlet tapgyrynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim alýan ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Garlybaý PAŞŞAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy