SUWDAN TYGŞYTLY PEÝDALANMAK ATLY SEMINAR GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynyn Oba hojalygynyn meliorasiýasy kafedrasynyn "GeoGIS" ylmy gurnagy Suw serisdelerinin bütindünýä güni mynasybetli "Suwdan tygsytly peýdalanmak" atly talyplaryn ylmy seminaryny geçirdi. Bu ylmy seminar Türkmen oba hojalyk institutynda Ýewropa Komissiýasynyn Erasmus+ maksatnamasynyn çäginde durmusa geçirilýän "Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak" (HWCA) taslamasynyn çäginde guraldy.

Seminara institutyn talyplary we mugallymlary gatnasdy. Çykyslarda suw serisdelerinin peýdasy, tebigatda suwun aýlanysygy, suwdan netijeli peýdalanmaklyk barada pikirler ara alnyp maslahatlasyldy.

Talyplar çykyslarynda tanysdyrys slaýdlary ginden ulandylar we her bir nutukdan sonra sorag-jogap alysmalar arkaly öz bilimlerini artdyrdylar. Bu bolsa seminara gatnasyjy ýaslaryn ylym- bilim alyslaryny we hünär endiklerini kämillesdirmeklerine täsir etdi.

"Söhratly taryh" ylmy gurnagynyn agzasy J.Ýowbaýewanyn, "Inzener gidrotehnik" ylmy gurnagynyn agzasy H.Taýlyýewin, Ýer gurlusygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyn 1-nji ýyl talyby G.Kakabaýewanyn çykyslary beýlekilerden has-da tapawutlandy.

Seminara gatnasyjylar ylym-bilim boýunça dünýä derjesinde üstünliklere ýol açýan, ýaslaryn döwrebap ylmy tejribe almaklary üçin gin mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyslaryny beýan etdiler.

Jumamyrat NURMYRADOW,
Ýer gurlusygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyn 3-nji ýyl talyby