ARKADAGYŇ DÜNÝÄ NUSGALYK BEÝIK IŞLERI

Türkmen oba hojalyk institutynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanyna şan goşan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegine 5 ýyl bolmagy mynasybetli “Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk beýik işleri – halkara giňişlikde giňden beýan edilýän möhüm ähmiýetli başlangyç” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Alym Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmaklary, dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunda “Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy” alyp barýan işleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde çykyş edenler bu asylly başlangyjyň ähli ildeşlerimiz üçin ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere çagyryş bolandygyny nygtadylar. Netijede, häzirki wagta çenli gaznanyň hasabyna haýyr-sahawat serişdelerini geçirýänleriň sanynyň barha köpelýändigi has-da buýsançlydyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynda institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik topary çykyş edip, onda Watan berkararlygynyň ýurt bagtyýarlygynyň, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn işleriniň belentden waspy ýetirildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ynsanperwer, haýyr-sahawatly işleriň ýola goýulmagyna hemmetaraplaýyn berk binýat döreden we bu ýagşy amallaryň dowam bolmagy üçin ähli zerur şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Aýnur ŞYHYÝEWA,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby