Hormatly Prezidentimizin ýas nesillere döwrebap bilim bermek we ylmy ösdürmek baradaky tagallalaryndan ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynyn Oba hojalygynyn meliorasiýasy kafedrasynyn "GeoGIS" ylmy gurnagy Bütindünýä meteorologiýa güni mynasybetli "Meteorologiýanyn esaslary" atly test bäslesigi geçirdi. Bu bäslesik Türkmen oba hojalyk institutynda Ýewropa Komissiýasynyn Erasmus+ maksatnamasynyn çäginde durmusa geçirilýän "Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak" (HWCA) taslamasynyn çäginde guraldy. Bäslesik talyplaryn atmosfera hadysalaryna, howa çaklamalaryna we gidrometeorologiýa bolan höwesini artdyrmak, olaryn nazary we amaly bilimlerini barlamak maksady bilen gurnaldy.
Bäslesigin dowamynda talyplar meteorologiýanyn häzirki zaman meseleleri, atmosferanyn fizikasy we howanyn üýtgemeginin ylmy esaslary boýunça öz basarnyklaryny görkezdiler. Munun özi ýurdumyzyn ylym we bilim ulgamyny kämillesdirmek, halkara ülnülerine laýyk gelýän, döwrebap tehnologiýalardan bas çykarýan ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak baradaky döwlet syýasatynyn is ýüzündäki dabaralanmasydyr. Geljekde hem seýle bäslesiklerin yzygiderli geçirilmegi, ýas meteorologlaryn kemala gelmegine we Türkmenistanyn ylmy kuwwatynyn has-da berkemegine ýardam eder.
Gyzgalanly geçen test bäslesigin netijesinde, özlerinin çunnur bilimleri we takyk hasaplamalary bilen beýlekilerden saýlanan talyplar, ýagny: Agroekologiýa hünärinin 2-nji ýyl talyby D.Myratgeldiýewa, Ýer gurlusygy we kadastrlar taýýarlyk ugrunyn 3-nji ýyl talyby J.Nurmyradow, Ýyladyshana hojalygy hünärinin 1-nji ýyl talyby E.Seýitmuhammedowa, Ýyladyshana hojalygy hünärinin 2-nji ýyl talyby R.Miriýewa ýokary netijeleri görkezip, bäslesigin ýenijileri boldular. Bäslesigin ýenijileri we isjen gatnasan talyplar Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Bäslesige gatnasyjylar ýaslaryn ylymly-bilimli bolmagy, dünýä ülnülerine laýyk gelýän hünärmenler bolup ýetismegi ugrunda gin mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize çunnur minnetdarlygyny bildirdiler.
Amangül NARBAÝEWA,
Oba hojalygynyn meliorasiýasy
kafedrasynyn mugallym-öwrenijisi