Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Golaýda, Türkmen oba hojalyk institutynda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň dürli künjeklerinden gelen okuwçylar gatnaşyp, özleriniň okuw dersleri boýunça alan bilimlerini, ukyplaryny we logiki pikirlenişlerini görkezdiler. Bäsleşigiň esasy maksady - ýaşlaryň tebigy we takyk ylymlara bolan höwesini artdyrmak, olary ylmy-barlag işlerine ugrukturmak hem-de geljekde oba hojalyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga itergi bermekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň dowamynda iň ýokary netije görkezen okuwçylar kesgitlenildi. Ýeňijilere Türkmen oba hojalyk institutynyň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Gatnaşyjylar institutyň maddy-tehniki binýady, häzirki zaman barlaghanalary we sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri bilen hem ýakyndan tanyşdylar.
Bu bäsleşik diňe bir bilesigeliji ýaşlary bir ýere jemlemek bilen çäklenmän, eýsem mekdep okuwçylarynyň hünär saýlamaklaryna, ylma bolan söýgileriniň artmagyna uly ýardam berdi. Ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!
Tirkeş BALYŞEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň
okuw bölüminiň başlygy