ÖNÜMÇILIK TEJRIBELIGINDE TALYPLAR HÜNÄR KÄMILLIGINI ARTDYRÝAR

p>Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidrotehniki desgalar taýýarlyk ugry hem-de Gidromeliorasiýa hünäri boýunça bilim alýan talyplar önümçilik tejribeliginiň dowamynda “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu tejribelik olaryň nazary bilimlerini amaly taýdan berkitmekde möhüm basgançak bolup hyzmat etdi. Önümçilik birleşiginde alnyp barylýan giň gerimli işler, döwrebap tehnikalaryň ulanylmagy hem-de işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde alnyp barylýandygy talyplarda uly täsir galdyrdy.

Aýratyn-da, Türkmenderýadan gözbaş alýan Şasenem hojalykara suwaryş ulgamynda alnyp barylýan işler talyplar üçin has-da täsirli boldy. Bu ýerde hojalykara suwaryş akabasynyň arassalanmagy, suw geçirijilik ukybynyň ýokarlandyrylmagy boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşmak talyplaryň hünär taýdan düşünjesini has-da baýlaşdyrdy. Şeýle işler arkaly ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiliginiň gowulanýandygyny görmek olaryň bu ugra bolan gyzyklanmasyny artdyrdy.

Tejribelik döwründe talyplar Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde daşary ýurtlardan, ýurdumyza täze satyn alnan häzirki zaman tehnikalaryň biri bolan CSD350 kysymly läbik sorujy bilen hem içgin tanyşdylar. Bu desganyň gurluşy, iş usullary we ulanyş aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat alyp, onuň önümçilikdäki ornuna göz ýetirdiler. Olara desganyň tehniki häsiýetnamalary, öndürijilik kuwwaty, dürli çuňluklarda işlemek mümkinçilikleri hem-de gyrmançalary çykarmak ulgamynyň aýratynlyklary düşündirildi. Şeýle hem bu enjamyň netijeli ulanylmagynyň suw desgalarynyň kadaly işlemegine uly täsir ýetirýändigi nygtaldy.

Talyplar CSD350 läbik sorujynyň derýalaryň we akabalaryň düýbünde ýygnanan çöküntgileri arassalamakda ýokary netijeliligi üpjün edýändigine göz ýetirdiler. Olar bu tehnikanyň işini guramak, dolandyrmak hem-de onuň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça ilkinji amaly başarnyklaryny gazandylar. Mundan başga-da, desganyň yzygiderli we ygtybarly işlemegi üçin zerur bolan tehniki hyzmatlar, howpsuzlyk düzgünleri we önümçilik tertibi barada giňişleýin düşünje aldylar.

Şeýle hem talyplar bu tehnikanyň ulanylmagynyň suw geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmakdaky we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdaky ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Bu bolsa oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini artdyrmakda möhüm şertleriň biri bolup durýar. Tejribelik döwründe nazary bilimleriň önümçilik şertlerinde nähili ulanylýandygyny görmek talyplaryň hünär taýdan ösüşine oňyn täsir etdi.

Umuman aýdanyňda, önümçilik tejribeligi talyplaryň bilimlerini berkitmekde, amaly başarnyklaryny ösdürmekde we geljekki hünär ýoluna taýýarlamakda möhüm orun eýeleýär. Bu döwürde gazanylan tejribeler olaryň geljekde ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegine berk binýat döredýär.

Şatlyk PYGAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Önümçilik tejribelikleriň ýolbaşçysy