TALYP ÝAŞLARYŇ ARASYNDA “KITAP MARAFONY” BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda “Biz her ýylyň sentýabr aýynda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygyny yglan edýäris. Munuň örän netijeli bolandygyna hemmämiz şaýat. Edil şonuň ýaly, ýurdumyzda her ýylda kitap okamaklygyň bir aýlygyny yglan etsek, has göwnemakul bolardy” diýen paýhasly başlangyçlaryndan ugur alyp, Türkmen oba hojalyk instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi şeýle-de, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” hem-de “Gadamy batly bedew” atly atalyk kitaplaryny çeper okamak boýunça instiutyň talyp ýaşlarynyň arasynda 2026-njy ýylyň mart aýynyň 25-inden aprel aýynyň 24-i aralygynda “Kitap marafony” bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik jemi dört tapgyrda geçirildi. Her tapgyrda gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewiniň waspyny beýan edýän ajaýyp kitaplarynda berlen baý maglumatlar esasynda test soraglary berildi. Bäsleşigiň jemleri Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda jemlenildi. Netijelere görä, institutymyzyň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýna Badakowa I orna, Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Dürli Arazmyradowa II orna, Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Şöhrat Mergenow II orna, Sanly dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Merjen Garlyýewa III orna, Sanly dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Güljemal Saparowa III orna, Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Roza Miriýewa III orna mynasyp boldular. Ýeňijiler Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapynda Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy