Türkmen oba hojalyk institutynyň abraýly halkara ýaryşlaryndaky üstünlikleriniň hatary ýene-de bir ýeňiş bilen doldy. Russiýa Federasiýasynyň Ufa döwlet nebit tehniki uniwersiteti tarapyndan guralan “Ekologik howpsuzlyk” atly halkara talyp olimpiadasynda institutymyzyň talyplary uly üstünlik görkezdiler.
Bu halkara ylym bäsleşiginde institutymyzyň Agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary S.Hojaniýazowa we R.Miriýewa özleriniň taýýarlan işleri bilen tapawutlanyp, II orna mynasyp boldular. Talyplara Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy H.A.Kazakowa ýolbaşçylyk etdi.
Gazanylan ýeňiş mynasybetli institutymyzyň Agronomçylyk fakultetinde dabaraly çäre geçirildi we talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň institutymyzdaky ilkinji guramasy tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri öz çykyşlarynda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegi we halkara derejesinde abraýly sepgitlere ýetmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Merjen BAÝAROWA
Bagbançylyk we gök ekerançylyk
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi