“KITAP WE AWTORLYK HUKUGY – MILLI MIRASDAN UMUMADAMZAT GYMMATLYKLARYNA” ATLY SEMINAR GEÇIRILDI

Golaýda, Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasynyň “Inžener-gidrotehnik” atly ylmy gurnagy Bütindünýä kitap we awtorlyk hukugy güni mynasybetli talyplaryň ylmy seminaryny geçirdi. Seminara institutyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Çykyşlarda kitap – adamzadyň döreden iň uly hazynalarynyň biridigini, geçmişiň tejribesini şu güne, şu günüň gazananlaryny bolsa geljege geçirýän baky ruhy köprüdigini, biziň pederlerimizden galan baý edebi mirasymyz, golýazmalarymyz we nusgawy eserlerimiz diňe bir milletiň däl eýsem bütin adamzadyň medeni hazynasydygy barada pikirler ara alnyp maslahatlaşyldy. Seminar talyplaryň bilimini we ylmy işjeňligini artdyrmak maksady bilen guramaçylykly geçirildi.

Talyplar çykyşlarynda tanyşdyryş slaýdlary giňden ulandylar we her bir nutukdan soňra sorag-jogap alyşmalar arkaly öz bilimlerini artdyrdylar. Bu bolsa seminara gatnaşyjy ýaşlaryň ylym-bilim alyşlaryny we hünär endiklerini kämilleşdirmeklerine täsir etdi.

“Şöhratly taryh” ylmy gurnagynyň agzasy J.Ýowbaýewanyň, “Inžener gidrotehnik” ylmy gurnagynyň agzasy H.Taýlyýewiň, Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby R.Maratowanyň çykyşlary beýlekilerden has-da tapawutlandy.

Seminara gatnaşyjylar ylym-bilim boýunça dünýä derejesinde üstünliklere ýol açýan, ýaşlaryň döwrebap ylmy tejribe almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.

Guwanç MYRADOW,
Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy
kafedrasynyň uly mugallymy