“PEDERLERIŇ GÖRELDESI – NESILLERIŇ ÝÖRELGESI” atly YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Türkmen oba hojalyk institutynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş gününiň 81 ýyllygy mynasybetli “Pederleriň göreldesi – nesilleriň ýörelgesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Institutymyz tarapyndan gurnalan bu maslahat, pederlerimiziň görkezen gahrymançylyklaryny ylmy esasda öwrenmäge we ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge bagyşlandy. Ylmy-amaly maslahatyň açylyşy we mazmuny çykyş eden mugallymlar we talyp ýaşlar uruş ýyllarynda türkmen esgerleriniň söweş meýdanlarynda, oba hojalyk zähmetkeşleriniň bolsa tylda görkezen edermenliklerini aýratyn nygtadylar. Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň uly mugallymy, tehniki ylymlarynyň kandidaty Abdulla Rahmanowyň, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Hurmagül Ýuldaşewanyň we beýlekileriň çykyşlarynda gahrymanlaryň geçen ýolunyň ýaşlar üçin hakyky mekdepdigi bellenildi. Maslahat öz işini bäş sany esasy bölümçe boýunça dowam etdirip, olarda jemi 60-dan gowrak ylmy çykyş diňlenildi. Çykyşlarda diňe bir taryhy maglumatlar däl, eýsem uruş ýyllarynda Türkmenistana göçürilen kärhanalar, zenanlaryň Goranmak fonduna goşan goşantlary, şeýle hem arhiw maglumatlaryny sanly ulgama geçirmegiň häzirki zaman usullary ýaly möhüm ylmy mowzuklara hem deginildi. Maslahata diňe bir tejribeli mugallymlar däl, eýsem talyp ýaşlar hem işjeň gatnaşdylar. Ýaş alymlar pederleriň ýoluny dowam etdirip, ylymda we bilimde täze üstünlikleri gazanmaga taýýardyklaryny görkezdiler.

Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň uruş weteranlaryna, tylda zähmet çeken pederlerimize goýýan uly sarpasynyň, ýaşlar üçin iň uly nusgadyygyny biragyzdan bellediler. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde döredýän giň mümkinçilikleri üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler. “Hiç kim ýatdan çykanok, hiç zat unudylanok” diýen ýörelge maslahatyň baş nyşanyna öwrüldi.

Wazira ERMETOWA,
Kompýuter tehnologiýasy
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi