Türkmen oba hojalyk instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýaşlarda hünäre bolan söýgüni kemala getirmek, ylym-bilim, döredijilik zehinini açyp görkezmek maksady bilen, institutymyzda hereket edýän kafedralarda bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Hünärime hormatym bar, sarpam bar” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen döredijilik bäsleşiginde talyp ýaşlar hünärine bolan söýgüsini, şeýle hem bu ugurdaky ukyp-başarnygyny, döredijilik zehinini çeper okaýyşlaryň üsti bilen wasp etdiler. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köpugurly döwlet syýasatynyň netijesinde barha ösýän oba hojalyk ulgamynyň ýeten belent sepgitlerinden ugur alyp, institutda talyplaryň ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi babatda alnyp barylýan işleri giňişleýin wasp edýän wideo rolikleri görkezdiler. Talyp ýaşlaryň hünärine bolan söýgüsini, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, ylym-bilim hem-de döredijilik zehinini açyp görkezmek maksadynda geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşyjy talyp ýaşlar özleriniň hünär ussatlygyny, zehinini, we ukybyny ýörite çykyşlaryň üsti bilen açyp görkezmekleri bäsleşigiň joşgunyny has-da artdyrdy.
Eminler toparynyň yglan eden netijelerine laýyklykda Maldarçylyk, Mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň talyplar topary Baş baýraga, Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň talyplar topary I orna, Ösümlikçilik hem-de Kompýuter tehnologiýasy kafedralarynyň talyplar topary II orna şeýle-de Agrohimiýa we topragy öwreniş, Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy hem-de Oba hojalygynyň meliorasiýasy, Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedralarynyň talyplar topary III orna mynasyp boldular.
Bäsleşikde ýeňiji bolanlar Türkmen oba hojalyk instituty hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapynda Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň bagtyýar talyp ýaşlary eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.
Garlybaý PAŞŞAÝEW,
Institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy