Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň taryhynda möhüm orun tutýan şanly seneler uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy ýurdumyzyň berkararlygyň ygtybarly binýadydyr” atly ylmy-amaly maslahat ýokary derejede guraldy. Forumyň dowamynda mugallymlaryň ençemesiniň çykyşlary diňlenildi, olaryň arasynda birnäçe çykyşlar özüniň çuňňur mazmuny we ylmy seljermeleri bilen aýratyn tapawutlandy. Hususan-da, institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy A.Tagandurdyýewanyň Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlarynyň taryhy-syýasy ähmiýeti baradaky çykyşy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de, Traktor we oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň uly mugallymy D.Durdyýewiň Konstitusiýany we Döwlet Baýdagyny Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň mukaddes nyşanlary hökmünde häsiýetlendiren çykyşy örän täsirli boldy. Tebigy bilimler kafedrasynyň uly mugallymy B.Dosnazarowyň Döwlet Baýdagymyzyň halkymyzyň asudalygynyň nyşanydygy baradaky ylmy garaýyşlary maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Maslahatyň dowamynda bäş sany bölümçede işler alnyp barlyp, onda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet nyşanlarynyň diplomatiýadaky orny we ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Bu ylmy-amaly maslahat ýaş nesilleriň kalbynda mukaddes gymmatlyklarymyza bolan söýgini berkitmekde we milli hukuk ulgamymyzyň gazananlaryny dabaralandyrmakda möhüm ädim boldy.
Esen AMANKULYÝEW
Ösümlikçilik kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi