HALKARA BÄSLEŞIKDE NOBATDAKY ÝEŇIŞ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek we oba hojalygyny sanlylaşdyrmak ugrunda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde uly üstünlikler gazanyp, türkmen ylmynyň abraýyny belende göterýärler.

Şeýle guwandyryjy wakalaryň biri hem ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde ýerleşýän “ALGORITM” ylym-bilim merkezi tarapyndan guralan “Ylymdaky üstünlik – 2026” atly ylmy-barlag işleriniň halkara bäsleşiginde Türkmen oba hojalyk institutynyň Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Esen Amankulyýew hem-de Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Wazira Ermetowa uly ýeňiş gazandylar. Bäsleşigiň “Oba hojalyk ylymlary” hem-de “Ykdysadyýet ylymlary” ugrunyň “Iň gowy tezis” nominasiýalary boýunça bäsleşip, ýeňiş gazandylar.

Gazanylan ýeňiş mynasybetli institutymyzda dabaraly çäre geçirildi we ýeňiji bolanlar diplomlar bilen sylaglandylar. Bäsleşigiň ýeňijileri öz gezeginde ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almagy, ylymda täze belentlikleri aşmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

Umyda RAHMETJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby