Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlaryň ylmy-döredijilik başarnyklaryny ýüze çykarmaga we goldamaga aýratyn üns berilýär. Her ýyl dabaraly bellenilýän Ylymlar güni bolsa ýaş alymlaryň, talyp ýaşlaryň we zehinli oglan-gyzlaryň täze üstünliklere, ylmy açyşlara bolan höwesini has-da artdyrýar. Şu şanly sene mynasybetli, ýaşlaryň uly höwes bilen gatnaşmagynda Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň “GeoGIS” atly ylmy gurnagy “Ýaş zehin” atly bäsleşik geçirildi.
Ýaşlaryň intellektual we döredijilik ukyplaryny barlamak maksady bilen guralan bu bäsleşik örän çekeleşikli we gyzykly häsiýetde bolup, ol jemi iki tapgyrda guraldy. Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar ýörite taýýarlanylan zehin soraglary boýunça özara bäsleşdiler. Bu sowal-jogaplar talyp ýaşlaryň diňe bir öz ugra degişli bilimlerini däl, eýsem olaryň çalt oýlanmak, logiki pikirlenmek we çylşyrymly meselelerde döwrebap çemeleşmeleri tapmak başarnyklaryny hem synagdan geçirdi.
Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä zehinli toparlar kesgitlenildi:
Bäsleşige gatnaşyjylar ylym-bilim boýunça dünýä derjesinde üstünliklere ýol açýan, ýaşlaryň döwrebap ylmy tejribe almaklary üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler.
Amangül NARBAÝEWA,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi