“Magtymguly Pyragy – söz äleminiň çyragy” atly esse ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara we şanly senelere beslenýär. Bu gün bolsa diýarymyzda Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Medeniýet we sungat işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilýär. Şu şanly sene bilen baglanyşykly ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ylmy-amaly maslahatlar, täsirli duşuşyklar we döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.

Şol döredijilik bäsleşikleriň biri hem biziň ýokary okuw mekdebimizde geçirildi. Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynda hereket edýän “Şöhratly taryh” atly talyplaryň ylmy gurnagynyň gurnamagynda 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 20-29-y aralygynda institutyň talyplarynyň arasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Magymguly Pyragy – söz äleminiň çyragy” atly esse ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige 11 sany talyp isleg bildirip, özleriniň ýazan düzmelerini hödürlediler.

Eminler tarapyndan, 5 sany talyp ýeňiji diýlip yglan edildi. Bäsleşikde Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýasy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyplary Babaýewa Oguljeren we Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýasy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby Satkenowa Nasiba I orna, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Orazmyradow Mekan II orna, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Potçykow Döwletgeldi, Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Nurmyradowa Mähriban III orna mynasyp boldy. Geçirilen esse ýazmak bäsleşiginde ýeňiji bolan talyplar 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli hormat hatlary bilen sylaglandy.

Orazmät REJEPOW,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy