Türkmen oba hojalyk institutynyň internet ders bäsleşikleri– 2026

Türkmen oba hojalyk instituty 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça birnäçe internet ders bäsleşikleriniň geçirilýändigini yglan edýär. Guramaçy hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Türkmen oba hojalyk instituty çykyş edýär.

Bäsleşikler talyplaryň taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaga, bilimlerini we ukyplaryny çuňlaşdyrmaga, döredijilikli pikirlenmesini, özbaşdaklygyny hem-de ylmy we amaly wezipeleri çözmek başarnygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Olar şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, mugallymlaryň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmaga, şeýle hem halkara bäsleşiklerine geljekde gatnaşmak üçin zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.

 

Topragy öwreniş boýunça III internet ders bäsleşigi

  • Guramaçy: Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasy.
  • Gatnaşyjylar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ähli taýýarlyk ugurlarynyň we hünärleriniň 3-5-nji ýyl talyplary.
  • Görnüşi: şahsy birinjilik, 50 soragdan ybarat test.
  • Senesi we wagty: 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabry, sagat 15:00.
  • Dowamlylygy: 90 minut.
  • Gözegçilik: Zoom programmasy arkaly.
  • Habarlaşmak üçin: +993 65 894549, +993 65 276237.

 

Meteoriologiýa we klimatologiýa boýunça I internet ders bäsleşigi

  • Guramaçy: Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy.
  • Gatnaşyjylar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ähli taýýarlyk ugurlarynyň we hünärleriniň 2-4-nji ýyl talyplary.
  • Görnüşi: şahsy birinjilik. 50 soragdan ybarat test (1 baldan 40 sany test soragy we 2 baldan test görnüşindäki 10 sany mesele).
  • Sene we wagty: 2026-njy ýylyň 28-nji oktýabry, sagat 15:00.
  • Dowamlylygy: 90 minut.
  • Gözegçilik: Zoom programmasy arkaly.
  • Habarlaşmak üçin: +993 61 978564, +993 63 775659.

 

Nazary mehanika boýunça VI internet ders bäsleşigi

  • Guramaçy: Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasy.
  • Gatnaşyjylar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ähli taýýarlyk ugurlarynyň we hünärleriniň 1-3-nji ýyl talyplary.
  • Görnüşi: şahsy birinjilik. Gatnaşyjylara 50 soragdan ybarat test (1 baldan 30 sany test soragy we 2 baldan test görnüşindäki 20 sany mesele) hödürlenýär.
  • Sene we wagty: 2026-njy ýylyň 30-njy oktýabry, sagat 14:00.
  • Dowamlylygy: 120 minut.
  • Gözegçilik: Zoom programmasy arkaly.
  • Habarlaşmak üçin: +993 63 887557, +993 65 931638.

 

Ähli internet ders bäsleşikleri üçin umumy düzgünler:

  • Ýokary okuw mekdepleriň topary (5 talypdan köp bolmadyk) we ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlary (fakultet, hünär, ýyl, talyplaryň F.A.A., ýolbaşçynyň F.A.A., kafedra, e-mail, telefon belgilere) baradaky maglumatlary 2026-njy ýylyň 22-nji oktýabryna çenli tohi_tm@sanly.tm salgysyna ibermeli.
  • Ýumuşlar institutyň www.tohi.edu.tm saýtynyň ýörite bölüminde ýerleşdirilýär.
  • Gatnaşyjylara aragatnaşyk serişdelerini, foto-, audio- we wideoýazgy enjamlaryny, salgylanma materiallaryny, interneti we islendik maglumat göterijilerini ulanmak gadagan edilýär. Iş özbaşdak ýerine ýetirilýär. Düzgüni bozanlar bäsleşikden çykarylýar.
  • Çeňňek-eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär. Ol işlere baha berýär we netijeleri jemleýär.
  • Arza-şikaýatlar (apellýasiýa) diňe topar ýolbaşçylaryndan elektron poçta arkaly kabul edilýär. Eminler toparynyň başlygynyň karary jemleýjidir.
  • Ýeňijiler toplanan ballaryň jemine görä kesgitlenýär (şahsy we toparlaýyn birinjilik).     I derejeli diplomlary gatnaşyjylaryň 5 %-i, II derejeli – 10 %-i, III derejeli – 15 %-i alýar (gatnaşyjylaryň umumy sanyna baglylykda).
  • Netijeler www.tohi.edu.tm saýtynda çap edilýär.

Giňişleýin maglumatlar, geçirilmegiň şertleri we ýumuşlar institutyň resmi saýtynda https://tohi.edu.tm/comp2627.php ýerleşdiriler. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny we mugallymlaryny işjeň gatnaşmaga çagyrýarys!

 

 

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Guramaçylyk topary