2026-njy ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli, "Mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşleriniň ygtybarly binýadydyr" atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Garaşsyz Türkmenistanyň geçen taryhy ýoly, ýurdumyzyň gazanan beýik üstünlikleri, ykdysadyýetiň we jemgyýetiň ösüşiniň ylmy-nazary ugurlary, Türkmenistanyň daşary syýasatdaky abraýy we halkara başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýeti, milli gymmatlyklaryň gaýtadan dikeldilmegi hem-de ýaş nesli Garaşsyzlyga wepalylyk ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm ugurlar boýunça çykyşlar diňlenildi.
Çykyşlaryň dowamynda Tebigy bilimler kafedrasynyň uly mugallymy B.Dosnazarow "Şan-şöhraty dünýä dolan Garaşsyz Türkmenistan", Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy A.Tagandurdyýewa "Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspy", institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy E.Amankulyýew "Parahatçylyk söýüjilik Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň binýadydyr" atly temalar boýunça çykyşlary maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Ylmy-amaly maslahatda edilen çykyşlar gyzyklanma bilen diňlenilip, olaryň mazmuny boýunça pikir alşyldy. Maslahat mugallymlaryň we talyplaryň ylmy gözleglere bolan gyzyklanmasyny artdyrmak hem-de tejribe alyşmak babatda ähmiýetli boldy.
Maslahatyň ahyrynda gatnaşyjylar ýurdumyzyň ylmynyň we biliminiň yzygiderli ösmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, şeýle hem ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologik abadançylygy üpjün etmek ugrunda giň şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk hem-de tükenüksiz alkyşlar bildirdiler.
Esen AMANKULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy