Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary halkara ylmy-barlag bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazandylar. Institutyň 4-nji ýyl talyby Ogulgerek Zakirjanowa "Üzüm agajyny basyrmak üçin şaly samanyndan sypal plitasyny taýýarlamagyň tehnologiýasy" atly ylmy işi bilen çykyş edip, "Ylmy triumf - 2026" halkara bäsleşiginiň "Iň gowy tezis" ugry boýunça hem-de "Çäksiz ylym: geljegi üýtgedýän açyşlar" atly halkara bäsleşigiň "Iň gowy ylmy-barlag taslamasy" ugry boýunça ýeňiş gazanyp, I derejeli diplomlara eýe boldy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby Gülnar Goçowa "Giňişlik maglumatlary esasynda, ösümlikleriň zyýankeşlerine garşy kämilleşdirilen innowasion göreş çäresi" atly ylmy işi boýunça çykyş edip, "Ylym impulsy - 2026" atly halkara bäsleşigiň "Iň gowy ylmy-barlag taslamasy" ugry boýunça hem-de "Ylmy triumf - 2026" atly halkara bäsleşigiň "Iň gowy ylmy-barlag taslamasy" ugry boýunça I derejeli diplomlara mynasyp boldy, iki talybyň hem bu ylmy bäsleşiklerde gazanan ýokary netijeleri talyplaryň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge goşýan uly goşandyny aýdyň görkezýär.
Bu üstünlikler Türkmen oba hojalyk institutynda ýaşlaryň ylmy döredijiligine uly üns berilýändiginiň we talyplaryň halkara derejesinde öz başarnyklaryny görkezýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Esen AMANKULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy