Dostlukly Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (МФСА) döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan “Merkezi Aziýa: Güýçli sebit instituty arkaly durnukly geljege tarap” atly halkara konferensiýasy sebitiň döwletleriniň wekillerini bir ýere jemledi.
Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Täjigistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň ýokary derejeli wekiliýetleri, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, halkara hyzmatdaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, syýasatçylar, bilermenler, alymlar we beýleki gyzyklanýan taraplara wekilçilik edýän 500 töweregi adam gatnaşdy.
Araly halas etmegiň halkara gaznasyny döretmek karary Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde 1993-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda geçirilen ýygnakda kabul edildi we onuň Düzgünnamasy 1993-nji ýylyň 26-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Gyzylorda şäherinde Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynyň geçiren ýygnagynda tassyklandy.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esasy maksady, Aral deňziniň betbagtçylygyndan ejir çeken daşky gurşawy we sebitleri dikeltmäge we Merkezi Aziýa ýurtlarynda durmuş-ykdysady meselelerini çözmäge gönükdirilen daşky gurşawyň ylmy-amaly taslamalaryny, maksatnamalaryny işläp düzmek we maliýeleşdirmekden ybaratdyr.
Bu halkara forumda “Türkmen oba hojalyk institutynda suw we oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan ylmy-gözleg işleri” atly çykyşymyz gyzgyn goldawa eýe boldy. Onda, institutyň okuw tejribe hojalygynda oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýurduň demirgazyk sebitleriniň toprak we howa şertlerinde gözlegleriň alnyp barylyşy, toprakda güýzlük bugdaýy, gowaçany we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin täze suw tygşytlaýyjy tehnologiýalaryň ornaşdyrmak, gowaçanyň ir ýetişýän, ýokary süýümli, ýokary hilli, kesele çydamly görnüşlerinden ýokary hasyl almak we şol bir wagtyň özünde ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi.
Umuman işjeň häsiýete eýe bolan halkara forumyň çäklerinde Aral deňzinde hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary boýunça maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýan işleriň meýilnamasyna laýyklykda ýörite çäreleri gurnaldy.
Myrat GARÝAGDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.