KUWWATLY CLAAS TEHNIKALARYNYŇ GURLYŞY, IŞLEÝŞI IÇGIN ÖWRENILÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öňdebaryjy sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylan kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar we önümçilikde giňden ulanylýar.

Ýokary öndürjilikli tehnikalary oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy bilen bir hatarda Türkmen oba hojalyk institutymyzyň öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary içgin öwrenmek we netijeli ulanmak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen okuw merkezleri we tejribe okuw otaglary hereket edýär.

Şeýle-de ýokary öndürjilikli tehnikalary oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy talyp ýaşlaryň olary doly derejede öwrenmekleri gelejekde möwsümleýin işleriň öz wagtynda tamamlanmagyna hem-de öndürilýän önümiň hil taýdan ýokary derejede bolmagyna alyp barýar.

Alym Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan oňyn syýasatynda ýaşlara uly ynam bildirýär şeýle-de okamaga, öwrenmäge ýokary derejede kämil ylym-bilim almak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa ornaşdyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň maý aýynda bugdaý oragynyň öň ýanynda ýokary okuw mekdebimizde ýöriteleşdirilen “CLAAS” okuw otagynda, CLAAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky bölümiň baş inženeri Konowalow Eldaryň gatnaşmagynda “CLAAS tehnikalarynyň gurluşy, işleýşi we tehniki hyzmaty” atly tema boýunça okuw sapaklary geçirildi. Bu bolsa talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretmek bilen dürli ugurlardan sorag-jogap alyşmaklyga uly ýardam etdi. Bu okuw otagy agzalan kompaniýanyň tehniki enjamlary bilen doly üpjün edilendir.

Bu ugurda bilim alýan talyplaryň hünärlerini has-da artdyrmakda möhüm ähmiýetli bolan okuwlaryň dowamynda däne ýygýan TUCANO 430 kombaýnyň tehniki howpsuzlyk düzgünleri bilen tanyşdyrylmagy aýratyn ähmiýetli boldy. Mundan başgada AXOS 340 HC kysymly traktorlary ýurdumyzda ekiş hem-de bejergi işlerinde giňden ulanylýar. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de täze tehnikalaryň hereketlendirijisiniň ýaglaýyş, sowadyş, iýmitlendiriş ulgamlary we gidrawliki asgy mehanizmlerini içgin öwrenmekleri, kuwwatly tehnikalary aýawly saklamak şeýle-de öndürijiligini artdyrmakda döwrebap tehnikalary dolandyrmaga höweslerini has-da artdyrdy.

Ykbalyny oba hojalyk pudagyna baglan bagtyýar talyp ýaşlar özleri babatda döredilip berilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyklaryny beýan edýärler.

Kuwwat DEDEBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy