Aral meselelerini çözmek babatda çölleşmäge garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, bagy-bossanlyga büremek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk institutynyň degişli kafedralarynda ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda şular bilen bagly ylmy-barlag işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.
Häzirki döwürde ekologiýany arassa saklamak, oňa täzeçe çemeleşmek bütin dünýäde adamzady aladalandyrýan möhüm meseleleriň birine öwürmek işlerine işjeň gatnaşýan bu ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary Bötendag belentliginde bar bolan baglara ideg etmek, baglaryň ösüş aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek, bag ekilen ýerleriň şorluklyk derejesini öwrenmek, ylmy esaslarda ösdürilýän saýaly, pürli baglaryň howa gurşawyny kadalaşdyrmaga, ekologiýa etmäge ýetirýän oňaýly täsirlilerini seljermek ýaly işleri uly hyjuw bilen amala aşyrdylar.
Aral deňziniň zyýanly täsiriniň öňüni almak, çölleşmäniň öňüni almak, ýurdumyzyň ähli suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşmak hadysasynyň öňüni almak we ekin meýdanlarynda topragyň zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen geçirilen bu bag ekişlik çäresi ekologiýa durnuklylygyny we howpsyzlygyny üpjün etmek, aýratyn hem howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli teklipleri hödürlemek bilen bir hatarda olary çözmek bilen baglanyşykly amala aşyrýan giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygyny subut edýär.
Bötendag belentliginde geçirilen ylmy-barlag işlerine gatnaşan Türkmen oba hojalyk institutynyň ýaş alymlary, talyp ýaşlary şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Hormatly Prezidentimize akyşlaryny beýan etdiler. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.