HALKARA BÄSLEŞIK TAMAMLANDY

Hormatly Prezidentimiziň: “Adamzat ösüşiniň we dünýäniň medeni genji hazynasynyň ösüşine uly goşant goşan milletiň ruhy baýlygynyň täzelenişini üpjün etmeli, jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş derejesini kämilleşdirmeli” diýen beýik tutumlaryndan gözbaş alyp, gülleýän gül açýan Garaşsyz Watanymyz bu günki gün dünýä derejesindäki döwrebap özgertmeleri başdan geçirip, halkara jemgyýetçiligiň öňünde mynasyp orun tapdy. Milli Liderimiziň ýiti pähim-parasatyndan rowaçlanýan ýurdumyz dünýäniň çalt depginde ösýän öňdebaryjy döwletleriň birine öwrüldi.

Golaýda Russiýa döwletiniň guramagynda Nazary mehanika dersinden talyplaryň olimpiadasynyň III tapgyry tamamlandy. Bu olimpiada geçen iki tapgyrda ýeňiji bolan baýry ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar. Olimpiada Russiýa, Türkmenistan we Belarusiýa döwletlerinden jemi 41 topardan 147 talyp gatnaşdy. Nazary mehanikadan geçirilýän bu olimpiadanyň tutuş taryhynda bu ýyl iň köp talyp gatnaşan ýyly diýip hem bellendi.

Gatnaşanlara Nazary mehanikanyň esasy bölümlerinden 8 mesele berilip, bu meseleler hiç bir “meseleler ýygyndysyna” degişli bolman şol olimpiada-da ilkinji gezek işlenýändigi bilen tapawutlanýar. Bu meseleler talyplaryň çylşyrymly we adaty däl meseleleri çözmekde ýokary başarnyklaryny açyp görkezdi.

Biziň ýurdumyzdan bu olimpiada jemi 4 ýokary okuw mekdebinden 14 talyp gatnaşyp, olaryň dördüsi II we III orunlaryň “Diplomlaryna”, sekiz sany talyp bolsa IV we V derejeleriň “Hormat hatlaryna” mynasyp boldular. Geçirilen bu bäsleşige biziň ýokary okuw mekdebimiziň, has takygy Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary-da işjeň gatnaşdylar. Olardan Agajanow Kakageldi we Bäşimowa Jennet III oruna mynasyp boldular. Halkara olimpiadasynda talyplaryň şeýle netijeleri gazanmaklygy – bu okuw jaýynyň talyplarynyň öz okuwlaryna has-da tutanýerli çemeleşýändikleriniň we geljekde saýlan hünärleri boýunça uly netijeleri berjekdiginiň aýdyň görkezijisidir.

Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekligiň Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowamly üns-alada bilen gurşalyp alynýandygynyň we bu ugurda durmuşa geçirilýän tutumly özgertmeleriň gyşarnyksyz amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Goý Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, beýik tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Myrat GARÝAGDYÝEW
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy