Inžener we kompýuter grafikasy boýunça 1-nji açyk halkara internet bäsleşigi geçirildi.

Ozal habar berlişi ýaly, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şanly ýylymyzyň 10-njy dekabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda dünýäniň döwletleriniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I Açyk halkara internet bäsleşigi geçirildi. Bu halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 12-sinden, ýagny Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Rumyniýadan, Serbiýa Respublikasyndan, Hindistan Respublikasyndan, Indoneziýa Respublikasyndan, Koreýa Respublikasyndan 18 sany ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň 10 sany ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 94 sanysy gatnaşdy.

Ynha bu gün bolsa, halkara internet bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda ýeňijileri oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenip, olaryň 9 sanysy I derejeli, 19 sanysy II derejeli we 28 sanysy III derejeli diplomlar bilen, şeýle hem minnetdarlyk hatlary bilen sylaglandy.

Işjeň ýagdaýda geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Belarus milli tehniki uniwersitetiniň, Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary 1-nji orna mynasyp boldular.

Dabara gatnaşyjylar ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlara kämil derejede bilim-terbiýe bermek, hünär öwretmek, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmak we guramak üçin döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler!